Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär

  • 27.05.2023 11:12
  • 11k+

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda telekeçileriň we senagatçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýmak üçin degişli mümkinçilikleri üpjün edýär. Bu kärhanalarda taýýarlanylýan ýokary hilli dürli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islege eýedir.
Serdar Berdimuhamedow bu babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......