TikTok öz çat-boty Tako-ny synagdan geçirip başlady

  • 27.05.2023 10:25
  • 4.8k+

TikTok sosial ulgamynyň eýesi bolan kompaniýa Tako atly emeli aň çat-botuny synagdan geçirip başlady. Bu barada penşenbe güni The Verge portaly habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, botuň esasy wezipesi - ulanyjylara isleglerine görä wideo hödürlemekdir, ýöne Tako başga-da köp soraglara jogap berip biler. Çat-boty döretmek üçin TikTok-yň haýsy emeli aň modelini ulanandygy belli däl. Watchful Technologies kompaniýasynyň hünärmeni Daniel Buçukyň sözlerine görä, giň gerimli işe başlandan soň Tako “gözleg we nawigasiýa ulgamlaryny düýpgöter üýtgedip biler”.
TikTok-yň metbugat sekretary Zakary Kizer çat-botuň häzirlikçe demirgazyk amerikaly we ýewropaly ulanyjylar üçin elýeterli bolmadyk wagtlaýyn synag bolmagynda galýandygyny aýtdy. Kompaniýanyň Twitterinde ýerleşdirilen maglumata görä, täze funksiýa häzirlikçe diňe Filippinlerde bar. Aklawçy Joş Gerben TikTokuň ýaňy-ýakynda Tako atly "çat-bot programma üpjünçiligi"-ne haryt nyşanyny almak ýüz tutandygyny, bu önümiň resmi taýdan çykaryljakdygyny aňladýandygyny aýtdy.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......