Ronaldu Saud Arabystanynyň çempionatynyň dünýäniň iň gowy bäş ligasynyň birine öwrüljekdigini aýtdy

  • 26.05.2023 11:46
  • 27k+

«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň ligasynyň dünýäniň saýlama ligalarynyň hataryna goşulyp biljekdigine ynanýar.

“Men bagtly. Topar ajaýyp oýun görkezdi. 0:2-den soň ýeňiş gazanmak örän kyn, ýöne biz ahyryna çenli ynandyk we üç gol girizdik.
Saud Arabystanynyň ligasy barha güýçlenýär, geljek ýyl ol hasam gowy bolar. Ädimme-ädim ol dünýäniň iň gowy bäş ligasynyň birine öwrüler. Ýöne wagt, oýunçylar, infrastruktura gerek. Şeýle-de bolsa, men bu ýurduň haýran galdyryjy potensialynyň bardygyna ynanýaryn, bu ýerde ajaýyp adamlar bar. Liga kämil bolar” – diýip, Ronaldu “Al-Şabab” bilen bolan oýundan soň aýtdy. Onuň sözlerini gazeta.ru ýetirýär.

Ýatlap geçsek, “Al-Nasr” “Al-Şababy” 3:2 hasabynda utdy. Ronaldu duşuşygyň 59-njy minutynda ýeňiş goluny geçirdi. “Al-Nasr” liganyň ýaryş jedwelinde ikinji orunda gelýär, ol lider “Al-Ittihaddan” 3 utuk yza galýar.
Häzirki möwsümde Ronaldu ähli ýaryşlarda 18 oýna gatnaşyp, 14 gol we iki netijeli geçirim bilen tapawutlandy.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......