Mbappe «PSŽ-däki» geljegi babatda belli karara geldi

  • 25.05.2023 15:07
  • 27k+

Fransuz futbolçysy Kilian Mbappe «Pari Sen-Žermendäki» geljegi babatda belli karara geldi. Bu barada L'Equipe habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, hüjümçi Parižiň kluby bilen şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltmak mümkinçiligini işjeňleşdirmekçi däl. Şeýlelik bilen, 24 ýaşly oýunçy 2023-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli pursatdan peýdalanmasa, 2024-nji ýylyň tomsunda ol erkin agent bolar.
Şol bir wagtyň özünde, eger oýunçy şertnamany uzaltmasa, toparyň Mbappeni transfer etmejekdigi bellendi.
2022-nji ýylyň dekabrynda Mbappe-niň «PSŽ-den» gitmek isleýändigi barada maglumatlar peýda boldy. Hüjümçi, aýlyk haky azalsa-da, Fransiýadan gidip, has güýçli çempionata geçmek isleýändigini aýtdy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......