«Inter» yzly-yzyna ikinji ýyl futbol boýunça Italiýanyň Kubogyny aldy

  • 25.05.2023 11:29
  • 8.9k+

Futbol boýunça Italiýanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Inter»  2:1 hasabynda «Fiorentinadan» üstün çykyp, Kubogy aldy. Duşuşyk çarşenbe güni Rimde Olimpiýa stadionynda geçirildi.

Milan klubunyň düzüminde Lautaro Martines dubl etdi (29-njy, 37-nji minutlar). «Fiorentinadan» Nikolas Gonsales (3) gol geçirdi.
Martinesiň birinji goly onuň «Interiň» düzüminde ähli ýaryşlarda geçiren 100-nji goly boldy. Ol 2018-nji ýyldan bäri bu klubda çykyş edip gelýär we jemi 235 oýna gatnaşdy.
«Inter» yzly-yzyna ikinji gezek Italiýanyň Kubogyny aldy. Geçen ýyl «Inter» goşmaça wagtda 4:2 hasa bilen «Ýuwentusdan üstün çykdy». Umumylykda «Inter» bu Kubogy dokuzynjy gezek aldy. Bu «Roma» bilen bilelikde ikinji görkeziji. Birinji ýerde «Ýuwentus» (14 gezek).


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......