Çehiýaly türgen 9,5 sagatlap plankada saklanyp, dünýä rekordyny täzeledi

  • 25.05.2023 10:12
  • 31k+

Çehiýanyň ýaşaýjysy kese plankada 9,5 sagatlap saklanyp, dünýä rekordyny täzeledi diýip, UPI ýazýar.

Ýozef Şalek plankada dokuz sagat 38 minut 47 sekuntlap durmak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ozal bu ugurda rekord eýesi awstraliýaly Daniel Skali bolup, onuň wagty çehiýaly dalaşgäriňkiden sekiz minut az.
Boş wagtlarynda Şalek mugallym we şahsy ösüş boýunça tälimçisi bolup işleýär. Ol durmuşyny üýtgetmek kararyna geleninden bäş ýyl soň rekord goýandygyny aýtdy.

“Bäş ýyl ozal 15 kg artyk agramym bardy, alkogoly we çilimi gowy görýärdim. Ýöne durmuşymy üýtgeden belli bir pursat meni bu özgerişlige alyp bardy "- diýip, Ýozef düşündirýär.


düýn 21:03
971

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....