Russiýa Federasiýasynyň täze ilçisi Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy

  • 24.05.2023 22:36
  • 12k+

Şu gün, 24-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow RF-iň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus syýasy dialogyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Nebitgaz pudagynda, şeýle hem awtoulag senagaty, gämigurluşyk, awiasiýa ulagy, gazhimiýa we beýleki ulgamlarda oňyn netijeler gazanyldy.
Diplomat türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......