Nadal karýerasyny haçan tamamlajakdygyny aýtdy

  • 22.05.2023 09:23
  • 4.4k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal professional karýerasyny 2024-nji ýylda tamamlamak isleýändigini aýtdy.

“Meniň niýetim indiki ýylyň meniň üçin iň soňky bolmagydyr. Çünki, meni bellänler bilen hoşlaşmak üçin ýaryşlarda oýnamak mümkinçiligini gazanmak isleýärin” – diýip, “As” Nadalyň sözlerini getirýär.
“Men henizem ýaryşlara taýýar däl. Maňa sport karýeramy saklamak gerek. Men bu aýlarda öz bedenimi dikeltmäge synanyşaryn, men gaýdyp geljek senämi bellejek däl. Fiziki taýdan taýýardygymy duýan wagtym, ýene başlaryn. Meniň maksadym – ýylyň ahyryna ýetmek we Dewis Kubogynda oýnamak mümkinçiligini gazanmak hem-de indiki ýyly kepillikler bilen garşylamaga synanyşmak. Meniň pikirimçe, bu soňky ýylym bolar” – diýip, ispaniýaly türgen belledi.

Nadal ýanwar aýynda geçirilen Awstraliýanyň Açyk çempionatynda çep aýagynyň ikinji derejeli ýanbaş-bil myşsa şikesini aldy. Oňa 6-8 hepde dynç we çişmä garşy fizioterapiýa bellenildi, ýöne dikeldiş möhletiniň ahyrynda-da ol oýna dolanyp bilmedi.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......