«Mançester Siti» dokuzynjy gezek Angliýanyň çempiony boldy

  • 21.05.2023 12:07
  • 14k+

«Mançester Siti» möhletinden öň futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 37-nji tapgyr duşuşygynda «Sitiden» 4 utuk yzda barýan «Arsenal» myhmançylykda «Nottingem Forestden» 0:1 hasabynda ýeňildi we birinji ýeren düşmek mümkinçiliginden asla mahrum boldy.
«Mançester Siti» yzygider üçünji gezek we taryhynda dokuzynjy gezek ýurduň çempiony boldy. Klub Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda trebl almak mümkinçiligini saklap galýar (bir möwsümde ýurduň çempionatynda, Kubokda we Çempionlar ligasynda ýeňiş).
3-nji iýunda Angliýanyň Kubogynyň finalynda «Mançester Siti» «Uembli» stadionynda «Mançester Ýunaýted» bilen duşuşar, 10-njy iýunda bolsa Stambulda Çempionlar ligasynyň finalynda Milanyň «Interi» bilen duşuşar. Angliýada trebl etmegi başaran ýeke-täk klub 1998/99 möwsümde «Mançester Ýunaýteddir». Gwardiola 2008/09 möwsümde «Barselona» bilen trebl etmegi başarypdy.
Opta neşiriniň habar bermegine görä, 2022/23 möwsümde «Arsenal» 248 günläp ýaryş jedwelinde birinji ýeri eýeläp geldi. Bu Angliýanyň çempionatynyň jemleri boýunça ýeňiş gazanyp bilmedik topar üçin iň uzak dowam eden öňdelikdir.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....