Türkmen okuwçylary Litwada geçen «VILIPO — 2023» olimpiadasynda 2 altyn, 2 kümüş medal gazandylar

  • 21.05.2023 11:15
  • 22k+

2023-nji ýylyň 11-15-nji maýy aralygynda Litwa döwletiniň Wilnýus şäherinde geçirilen VILIPO-2023 (Wilnýus halkara taslama olimpiadasy) atly olimpiadasyna Türkmenistandan baran mekdep okuwçylary 2 sany altyn hem-de 2 sany kümüş medal gazandylar.

Hususan-da, VILIPO-2023 olimpiadasynyň jemi boýunça Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän 97-nji orta mekdebinden 11-nji synp okuwçylary Kulyýewa Orazgül we Begliýewa Aýnur kümüş medallary, Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mahmudow Mahmyt altyn medala, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Muhammedow Şamuhammet bäsleşigiň baş baýragy bolan altyn medala mynasyp boldular.
Olimpiada 21 döwletden (Türkmenistan, Litwa, Azerbaýjan, Bosniýa, Kolumbiýa, Çehiýa, Germaniýa, Gana, Wengriýa, Indoneziýa, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Kosowa, Makedoniýa, Mozambik, Nigeriýa, Katar, Rumyniýa, Tanzaniýa, Beýik Britaniýa) okuwçylar 100-den gowrak taslama işini hödürlediler.
Bu abraýly halkara bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan  saýlanan  topar gatnaşdy. Bu bäsleşikde biziň toparymyzyň adyndan Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mahmudow Mahmyt, Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän 97-nji orta mekdebinden 11-nji synp okuwçylary Kulyýewa Orazgül we Begliýewa Aýnur, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinden 9-njy synp okuwçysy Nuryýew Abdulkaýum, 10-njy synp okuwçysy Muhammedow Şamuhammet hem-de 11-nji synp okuwçysy Nuryýew Emir gatnaşdy.
Topara Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Ahmet Ballyýew ýolbaşçylyk etdi.


şu gün 19:18
1.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......