Roland Garros-yň rekord eýesi Nadal 2023-nji ýylda ýaryşa gatnaşmaz

  • 20.05.2023 16:07
  • 5k+

Ispaniýaly Rafael Nadal “Uly tuwulganyň” Roland Garros ýaryşynda çykyş etmez. Bu barada Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň saýtyna salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.

Ýaryşdan aýrylmagyny Nadal ozal birnäçe ýaryşy sypdyrmagyna sebäp bolan şikesi bilen düşündirdi. Ol Roland Garros-y ilkinji gezek sypdyrar, bu ýaryşda Nadal ilkinji gezek 2005-nji ýylda çykyş edipdi.
36 ýaşly türgen häzirki wagta çenli iň soňky oýnuny şu ýylyň ýanwar aýynda Australian Open-iň çäginde geçirdi, şonda ikinji tapgyrda utuldy.
Nadal Roland Garros-yň häzirki we 14 gezek ýeňijisidir. Titullarynyň sany boýunça ol ýaryşyň rekord eýesidir. Onuň hasabynda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda jemi 22 titul bar.
Roland Garros-2023 22-nji maýdan 11-nji iýun aralygynda geçiriler.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......