FIFA dünýä çempionatynyň logotipini hödürledi

  • 19.05.2023 16:59
  • 16k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň logotipini tanyşdyrdy. Bu barada guramanyň saýtyndaky habara salgylanyp, rsport.ria.ru belleýär.

Ýaryşyň logotipinde ilkinji gezek dünýä kubogynyň hakyky keşbi, şeýle-de çempionatyň geçiriljek ýyly görkeziler. Soňrak ýaryşy kabul etjek şäherleriň 16 logotipi hödürlener.
Bu çäre Los-Anjelesdäki Griffit obserwatoriýasynda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek dünýä çempiony Ronaldonyň, Meksikanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Horhe Kamposyň, Kanadanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Kreýg Forrestiň, ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek dünýä çempiony Karli Lloýdyň gatnaşmagynda geçirildi.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilip, 48 topar gatnaşjak ilkinji çempionat bolar.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.3k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....