«Ýandeks» «Alisa» wirtual kömekçisine YandexGPT neýrosetini ornaşdyrdy

  • 19.05.2023 16:37
  • 3.9k+

«Ýandeks» «Alisa» wirtual kömekçisine YandexGPT dil modelini ornaşdyrdy diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

"Ýandeks" dünýäde ilkinji bolup wirtual kömekçisi  "Alisa" täze nesliň uly dil modelini ornaşdyrdy diýip, metbugat gullugynda habar berdiler. Şeýlelikde, "Alisa" arkaly tekst ýazmagy haýyş edip we mowzuga gowy düşünýän adam hökmünde oňa pikirleri teklip  edip boljakdygyny metbugat gullugynda bellediler.
Bu funksiýa “Ýandeks” programmasynda, brauzerde, “Alisa”-ly stansiýalarda we “akylly” telewizorlarda elýeterdir. Hususan-da, wirtual kömekçi gutardyş dabarasy üçin ssenarini, iş hatyny ýazyp biler, syýahatyň meýilnamasyny we toýa sowgadyň görnüşlerini hödürläp edip biler.
Tehnologiýa häzirki wagtda synag režiminde işleýär. YandexGPT neýroseti “Ýandeks” superkompýuterlerinde tälim aldy. Geljekde neýroset ornaşdyrylan "Alisa" söhbetdeşligiň mazmunyny göz öňünde tutup biler.


düýn 18:51
3.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....