Messi we Mbappe Fransiýada möwsümiň oýunçysy baýragyna dalaş edýär

  • 19.05.2023 09:10
  • 11k+

“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçileri Lionel Messi bilen Kilian Mbappe Fransiýanyň Professional futbolçylar birleşigi tarapyndan häzirki möwsümde Fransiýanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy üçin baýraga bäş dalaşgärden ybarat gysga sanawa girdi. Bu barada guramanyň resmi Twitteri habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Nominasiýada ýeňiji 28-nji maýda yglan ediler. Messiden we Mbappeden başga-da, baýraga “Lilliň” kanadaly hüjümçisi Jonatan Dewid, şeýle-de “Lansyň” iki oýunçysy –hüjümçi Losi Openda we ýarym goragçy Seko Fofana dalaş edýär.
“PSŽ-niň” baş tälimçisi Kristof Galtýe tälimçiler nominasiýasynda dalaşgärleriň gysga sanawyna girizilmedi. Möwsümiň iň gowy tälimçisi baýragy ugrunda Paulu Fonseka (“Lill”), Paskal Gastýen (“Klermon”), Frank Ez (“Lans”), Filipp Montanýe (“Tuluza”) we Igor Tudor (“Marsel”) bäsleşer.
“PSŽ” möwsümiň ahyryna üç tapgyr galanda fransuz Liga 1-iň jedwelinde iň ýakyn bäsdeşi “Lansdan” alty bal öňe geçip, birinji orny eýeleýär. Mbappe 26 gol geçirip, ýurduň çempionatynyň iň gowy bombardirleriniň sanawynyň başyny çekýär, Messi bolsa 15 gol geçirip, 15 netijeli geçirim edip, möwsümiň iň gowy assistenti boldy.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....