Katarly şeýh “Mançester Ýunaýtedi” satyn almak boýunça teklibini ýokarlandyrdy

  • 19.05.2023 08:59
  • 10k+

Katarly şeýh Jassim bin Hamad Al Tani “Mançester Ýunaýtede” hukuklary satyn almak üçin täze teklip hödürledi. Ol ilkibaşdakydan has ýokarydyr. Teklip klubuň paýnamalaryny 100% satyn almagy, toparyň ähli bergilerini üzmegi, şeýle-de MÝ-nyň we jemgyýetiň zerurlyklary üçin gaznanyň döredilmegini öz içine alýar. Bu barada sports.ru habar berýär.

Al Taniniň öňki teklibiniň mukdary 5 mlrd funtdan gowrak bolup, bu futbol taryhynda rekorddyr. Kluby satyn almaga işewür Jim Retkliff hem dalaş edýär.
Retkliffiň paýnamalaryň 69%-ini satyn almagy meýilleşdirendigi, ýöne indi klubuň häzirki eýeleriniň onuň işine belli bir derejede täsirini saklamak üçin 50%-den gowragyny satyn almaga taýýardygy habar berildi.
Gleýzerleriň maşgalasynyň toparyň geljegi barada haçan karara geljekdigi heniz belli däl.
Kluby dolandyryjy Manchester United kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy sişenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen söwdada 4,9% ýokarlandy. Soňky 12 aýda onuň kapitallaşdyrmasy tas 46% ýokarlanyp, 3,11 mlrd dollara ýetdi.


düýn 22:49
2.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.3k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......