Ýewropa ligasynyň finalynda «Sewilýa» bilen «Roma» duşuşar

  • 19.05.2023 08:50
  • 6.7k+

Ýewropa ligasynyň final duşuşygynda Ispaniýanyň «Sewilýa» kluby bilen Italiýanyň «Roma» kluby duşuşar. Ýaryşyň ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşyklar penşenbe güni geçirildi.

«Sewilýa» öz meýdançasynda 2:1 hasap bilen «Ýuwentusdan» üstün çykdy. Ispan klubundan gollary Suso (71-nji minut) we Erik Lamela (95) geçirdi. «Ýuwentusdan» Duşan Wlahowiç (65) tapawutlandy. Klublaryň arasyndaky birinji oýun 1:1 tamamlandy.
«Roma» myhmançylykda «Baýer» bilen 0:0 hasap bilen deňme-deň oýnady. Birinji duşuşyk rimlileriň 1:0 ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Ýaryşyň finaly 31-nji maýda Budapeştde geçiriler.


düýn 17:06
1.8k+

Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmäge dalaş edýär

Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Ýewropada üçünji uly klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmek üçin arza berdi. Olaryň geçirilip bilinjek ýerleri hökmünde Astanadaky we Almaatadaky stadionlar görkezildi...

düýn 17:02
2.6k+

Türkiýede bukmeker goýumlary üçin 149 emin futboldan çetleşdirildi

Türkiýäniň futbol federasiýasynyň (TFF) Tertip-düzgün geňeşi oýunlara pul goýmakda aýyplanýan 149 emini bu işden wagtlaýyn çetleşdirmek kararyna geldi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Çetleşdirmek möhleti 8 aýdan 12 aýa barabar...

02.11.2025 23:37
7.9k+

Saud Arabystany Messiniň gysga wagtlyk transferini ret etdi

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan öň Saud Arabystanynda birnäçe aý bolup bilerdi, ýöne ýurduň häkimiýetleri şeýle teklipden ýüz öwürdi. AFP-niň habar bermegine görä, Mahd akademiýasynyň baş direktory Abdulla Hammad bu barada Thmanyah podkastyna beren interwýusynda aýtdy...

02.11.2025 19:44
3k+

PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby geçen möwsüm boýunça 837 million ýewro girdeji gazandy. Bu maglumat klubuň çap eden maliýe hasabatynda görkezilýär. Bu görkeziji klub üçin rekord hasaplanýar. Gurama erkekler we aýallar futbol toparlaryny, şeýle-de gandbol, dzýudo we kibersport ugurlaryny öz içine alýar...