Bugatti Dubaýda başy gökdirän ýaşaýyş jaýyny gurar

  • 18.05.2023 12:17
  • 16k+

Bugatti kompaniýasy Dubaýyň merkezinde kaşaň ýaşaýyş jaýyny döretmek meýilnamasyny yglan etdi. Bugatti Residences-iň taslamasyny taýýarlamakda kompaniýa kaşaň gozgalmaýan emläkleri bilen tanalýan ýerli binagärlik şereketi bolan Binghatti ýardam berer.

Megerem, binanyň konsepsiýasy eýýäm taýýar bolmaly, ýöne ony diňe 24-nji maýda ýörite çärede aýan ediler.
Häzirlikçe Bugatti Residences diňiniň çala yşyk berýän örtük bilen basyrylan ilkinji tizeri köpçülige ýetirildi. Onda gökdirän binanyň adatdan daşary saldamly sudury mese-mälim görünýär.
Ýaşaýyş jaýy Bugatti awtoulaglary bilen deňleşip biljek derejede kaşaňlygy bilen saýlanmaly bolar. Şeýle-de bolsa, taslamanyň hyzmatdaşlary ilki bilen rahatlyk hakda däl-de, Bugatti stilindäki aýratyn batyrgaý dizaýn, geljekki binanyň özboluşlylygy we aýratynlygy barada gürrüň edýärler.
Bugatti kaşaň gozgalmaýan emläk bilen gyzyklanmak babatda ilkinji lýuks awtoulag öndürijisi däl. Mysal üçin, geçen tomus Bentliniň Maýamide her bir öýi awtoulag üçin aýratyn liftli ýaşaýyş diňiniň gurluşygyna gatnaşjakdygy habar berlipdi. Öz gezeginde Aston Martin-iň dizaýnerleri hem Tokionyň etraplarynyň biri üçin dört gatly amatlykly jaýy tasladylar.


26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....

22.04.2026 17:36
5.2k+

Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan......