Al Jazeera: «Taliban» hereketiniň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy saglyk ýagdaýy sebäpli işinden aýrylýar

  • 17.05.2023 18:56
  • 47k+

«Taliban» hereketiniň esaslandyran Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň premýer-ministri Muhammet Hasan Ahund saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden boşadylmagyny haýyş etdi. Bu barada sişenbe güni Al Jazeera teleýaýlymy “Taliban” hökümetindäki çeşmä salgylanyp habar berdi.

Ady agzalmadyk owgan resmi adamsynyň habar bermegine görä, “Taliban” hökümetinde Abdul Kabir wagtlaýyn premýer-ministr wezipesine bellendi. Ol mundan öň Ahundyň syýasy meseleler boýunça orunbasary bolup işleýärdi.
Bu maglumatlary Tolo News owgan teleýaýlymynyň çeşmesi tassyklady. Ýaýlymyň söhbetdeşi Kabiri wagtlaýyn owgan ministrler kabinetiniň başlygy wezipesine bellemegi "Talibanyň" lideri Haýbatulla Ahundzadanyň tabşyrandygyny aýtdy.


17.12.2025 11:58
6.4k+

Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy

Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy...

13.11.2025 23:00
2.2k+

Türkmenistan Owganystan boýunça ÝB-Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy

12-nji noýabrda Brýussel şäherinde Owganystan boýunça Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa dialogynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow, sebit ýurtlarynyň wekilleri we Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar...

07.11.2025 15:32
17k+

Türkmenistan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy

6-njy noýabrda Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy...

06.11.2025 12:38
6.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy owgan çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugradar

5-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratmak barada bellenip geçildi...