Santosda Peläniň mawzoleýi açyldy

  • 17.05.2023 18:52
  • 19k+

Duşenbe güni dünýäniň üç gezek çempiony Peläniň jaýlanan gonamçylygynda onuň ýadygärligi açyldy. Bu baradaky habar nekropolyň web sahypasynda ýerleşdirildi diýip, TASS ýazýar.

Peläniň mawzoleýine iş günleri sagat 9:00-dan 12:00-a çenli we 14:00-dan -18: 00-a çenli baryp bilersiňiz. Giriş mugt, ýöne munuň üçin öňünden nekropolyň web sahypasynda geljek wagtyňy belletmeli.
Futbolçynyň jesedi salnan tabyt Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň beýik dik gonamçylygy hökmünde giren, jaýlanmak üçin onuň öz saýlan “Ekumenika” nekropolynyň çägindäki ýörite mawzoleýde goýuldy. Aýnalar zalynyň girelgesi Braziliýanyň we  onuň 1956-njy ýylda ilkinji çykyş eden “Santos” futbol klubynyň baýdaklary, şeýle hem Peläniň ellerini döşünde gowşuryp, sag aýagynyň astynda topy saklaýan altynsow reňkli heýkelleri bilen bezelen.
Pele 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda San-Paulonyň hususy klinikasynda aradan çykdy we şondan bir aý öň göni içegäniň düwnük keseliniň fonunda saglygynyň ýaramazlaşmagy sebäpli kabul edilipdi. Ol 82 ýaşyndady. Şonda Braziliýa üç günlük ýas yglan etdi.
Pele (hakyky ady Edson Arantis du Nasimentu) dünýäde üç gezek (1958, 1962, 1970) dünýä çempionatynda ýeňiji bolan ýeke-täk oýunçy. Pele sport habar beriş serişdeleriniň wersiýasyna görä XX asyryň iň gowy futbolçysy diýlip birnäçe gezek ykrar edildi, ol 100 ýyllyk ýubileýiň dürli simwoliki toparlaryna goşuldy.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....