Şweýsariýada auksiondan gymmat bahaly zatlary satmak boýunça täze rekord goýuldy

  • 17.05.2023 18:47
  • 13k+

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen auksionlarda altyn-kümüş bezegleriniň we şaý-sepleriň satuwyndan alnan mukdar boýunça täze rekord goýuldy. 10-njy we 12-nji maýda geçirilen iki auksionda jemi 176 mln franklyk ($196 mln) kolleksiýa satyldy diýip, forbes.kz habar berýär.

Satuwa awstriýaly milliarder Haýdi Hortene degişli bolan bezegler çykaryldy. Ol telekeçi Gelmut Horteniň dul aýalydy we 2022-nji ýylyň tomsunda aradan çykdy. 2022-nji ýylda Forbes USA Haýdi Horteniň baýlygyny 3 mlrd dollar bilen bahalandyrdy. Auksionda onuň monjuklary, bilezikleri, gulakhalkalary, diademalary we beýleki gymmat bahaly zatlary satyldy. Auksiondan öň olaryň bahasy, takmynan, 150 mln dollar bilen bahalandyryldy. 
Täze rekord eýýäm 138,3 mln frank ($154 mln) netije bilen tamamlanan birinji auksionda goýuldy. Ikinji auksion ýene 37,8 mln frank ($42 mln) getirdi. Öňki rekord 12 ýyl mundan ozal goýlupdy: 2011-nji ýylda geçirilen auksionlarda aktrisa Elizabet Teýloryň bezeg şaý-sepleri, takmynan, 137 mln dollara satyldy diýip, Bloomberg belleýär.


15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

05.04.2026 23:03
4.2k+

Şweýsariýada şokolada bagyşlanan ägirt uly dynç alyş seýilgähi gurlar

Şweýsariýanyň Brok şäherinde Maison Cailler şokolad fabrigini giňeltmegiň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde şokolada bagyşlanan uly syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «The Sun» neşiri habar......