Apple-iň iň kuwwatly gajetleriniň reýtingi düzüldi

  • 16.05.2023 23:48
  • 5.2k+

AnTuTu bençmarkynyň işläp düzüjileri iOS we iPadOS-da işleýän Apple gajetleriniň aprel aýy üçin öndürijilik reýtingini düzdüler. Bu barada Day.Az habar berýär.

Iň kuwwatly gurluş Apple M2 çibine esaslanýan 12,9 dýuým ekranly altynjy nesil iPadPro boldy. Ol 1,413 mln bal gazandy. Onuň yzyndan şol nesliň, ýöne 11 dýuým ekranly iPadPro smartfony gelýär – bu gurluş 1,288 bal gazandy. Liderleriň üçlügini 1,196 mln bal gazanan 12,9 dýuým diagonally bäşinji nesil iPadPro jemleýär.
Öňdebaryjylaryň hataryna 11 dýuým ekranly bäşinji nesil iPadPro, iPad Air 5, iPhone 14 Pro, 14 Pro Max, 13 Pro Max, 13 Pro we 835 müň bal bilen Apple A12X Bionic çibine esaslanýan üçünji nesil iPad Pro hem girdi.
Belläp geçsek, iPhone 14 Pro 944 müň bal gazandy, şol bir wagtyň özünde has gymmat wersiýa bolan iPhone 14 Pro Max 4 müň bal az gazandy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...