Jonni Depp Dior-yň atyryny mahabatlandyryp rekord 20 mln dollar gazanar

  • 16.05.2023 12:52
  • 17k+

Jonni Depp erkekleriň parfýumeriýasynyň taryhynda iň uly mahabat şertnamasynyň eýesi bolar. Bu barada Variety habar berýär.

Depp 20 million dollara Dior Sauvage atyrynyň ýene-de «ýüzi» bolmaga razylyk berdi. Bu Robert Pattinson bilen Dior-yň (12 million dollar) we Bred Pitt bilen Chanel-iň (7 million dollar) hyzmatdaşlygynyň bahasyndan ep-esli ýokary. Ýyldyzlar mahabat üçin ortaça 3-6 million dollar alýardy.
Deppiň we Dior-yň wekilleri bu barada teswir bermediler. Aktýor Sauvage-i 2015-nji ýyldan bäri mahabatlandyrýar. Kazyýetde öňki aýaly Ember Hýorddan üstün çykandan soň, atyryň satuwy ep-esli artdy.
Deppiň baş keşbi janlandyran täze filmi bolan “Žanna DýuBarri" atly taryhy drama 16-njy maýda Kann film festiwalyny açar. Şeýle hem, ol italýan suratkeşi we binagäri Modilýani hakdaky “Modi” baýopiki bilen režissýorlyga gaýdyp geler.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....