Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparyny döretdi

  • 14.05.2023 03:27
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli resminama döwlet Baştutany 13-nji maýda gol çekdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi.
Bugdaýy kabul ediş nokatlaryna hem-de ammarlara we elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ygtyýar berildi.
Belläp geçsek, galla oragynyň başlanmagyna çenli kabul ediş nokatlarynyň 152-si taýýar ediler. Şu ýyl galla oragynda 2 müň 62 galla orujy kombaýnlary peýdalanmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda göçme ussahanalar, beýleki zerur enjamlar hem-de awtoulaglar bilen üpjün edilen sazlaýyş-abatlaýyş toparlarynyň 417-si döredildi.
Kabul ediş nokatlaryna, elewatorlara we ammarlara bugdaý hasylyny bökdençsiz daşamak üçin 10 müň 310 awtoulaglary herekete girizmek göz öňünde tutulýar. Olar gije-gündizleýin tertipde işlediler. Meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......