Samsung smartfonlary 2022-nji ýylda abatlamaga iň ýakyn

  • 10.05.2023 14:02
  • 18k+

Electronics Hub barlagy Samsung-yň smartfonlarynyň aňsat abatlanyşy boýunça geçen ýyl Apple-den öňe geçendigini görkezdi. Ykjam enjamlary sökmäge we olaryň ömrüniň dowamlylygyna baha bermäge ýöriteleşen iFixit kompaniýasyndan maglumatlar alyndy.

2022-nji ýylyň Samsung Galaxy enjamlaryny beýlekilerden bejermek has aňsat. Galaxy S22 Ultra abatlaýyşa ýaramlylygy boýunça üçünji orunda durýar, ondan öňde diňe Galaxy A40 (2019) we Moto G7 bar. Galaxy A40 -yň ortaça abatlanyş wagty 32,6 minut we bu telefonlary bejermek aňsat hasaplanýar. Galaxy S22 Ultra-ny abatlamak ortaça 48,1 minut wagt alýar, abatlaýyş işleriniň 33,3 göterimi aňsat hasaplanýar.
Iň kyn zat Google Pixel 7-ni özbaşdak düzetmek, amal 60,3 minut dowam edýär. Galaxy Note 10-ny hem özbaşdak düzedip bolmaýar, sebäbi oňa 58,4 minut gerek bolup biler we ony bejermek boýunça görkezmeleri ýerine ýetirmek kyn diýip hasaplanýar.
Samsung 2013-nji we 2014-nji ýyllarda enjamlary bejermekde öňdebaryjy boldy, soňra Google, Motorola, Apple we Xiaomi ýaly bäsdeşlerinden pese düşdi. Indi kompaniýa bu ugurda öňdebaryjylygyny gaýtadan dikeltdi.
Bu ýylky Galaxy S23 flagmanlarynyň hem abatlaýyşa ýaramlylygy gowy. Hususan-da, batareýalar aňsatlyk bilen aýrylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...