Serdar Berdimuhamedow Moskwada Ýeňiş gününiň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy

  • 10.05.2023 01:38
  • 58k+

9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Kremliň «Tugraly» zalynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlary birek-birege hoşniýetli sözler aýdyp, ýadygärlik surata düşdüler.
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen wekilçilikli toparlaryň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugradylar. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerden dabaraly harby ýörişi synladylar.
Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresi boldy.
Gussaly owaz astynda döwlet Baştutanlary 2009-njy ýylyň noýabr aýynda Söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen kaşaň binagärlik toplumyna gül goýdular. Esgerler ýadygärlige gyzyl gülleri goýdular.  
Dabaraly çäreler tamamlanandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......