Lionel Messi ýylyň iň gowy türgeni hökmünde «Laureus» baýragyny aldy

  • 10.05.2023 00:24
  • 11k+

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Laureus World Sports Academy-iň (“Laureus” Dünýä sport akademiýasy) wersiýasyna görä, 2022-nji ýylyň iň gowy türgenine diýen baýragy aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy duşenbe güni geçirildi diýip, TASS habar berýär.

Messi 2022-nji ýylda karýerasynda ilkinji gezek dünýä çempiony boldy we Katardaky ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Baýrak ugrundaky göreşde argentinaly hüjümçi kärdeşi fransuz Kilian Mbappeden, Formula 1-iň iki gezek çempiony niderlandly Maks Werstappenden, şwesiýaly Armand Dýuplantisden, ispaniýaly tennisçi Rafael Nadaldan we “Golden Steýt”-iň amerikaly basketbolçysy  Stefen Karriden öňe geçdi.
Ýamaýkaly ylgawçy, üç gezek Olimpiýa çempiony Şelli-Enn Freýzer-Praýs ýylyň iň gowy zenan türgeni diýlip ykrar edildi. 2022-nji ýylda türgen 100 metr aralyga ylgamakda ýeňip, onunjy gezek dünýä çempiony boldy. 2022-nji ýylda ABŞ-yň Açyk çempionatynda ýeňiji bolan ispan tennisçisi Karlos Alkaras “ýylyň iň ökdesi” nominasiýasynda ýeňiji boldy.
Paralimpiýa oýunlarynyň iň oňat türgeni şweýsariýaly ylgawçy Katrin Debrunner boldy. 2022-nji ýylda ol Berlin marafonynda ýeňiş gazandy.
“Laureus” baýragy 1999-njy ýylda birnäçe umumy hyzmatdaşlaryň - işewürlik dünýäsinde belli kompaniýalaryň gatnaşmagynda halkara gaznalar tarapyndan döredildi.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....