«Zenit» yzygider bäşinji gezek futbol boýunça Russiýanyň çempiony boldy

  • 08.05.2023 17:15
  • 10k+

Sankt-Peterburgyň «Zenit» kluby Mir-Russiýanyň premýer ligasynyň (RPL) 26-njy tapgyr duşuşygynda öz meýdançasynda Moskwanyň «Spartagyny» 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşyk ýekşenbe güni «Gazprom-Arenada» geçirildi.

«Zenitiň» düzüminde gollary Klaudinýo (13-nji minut), Andreý Mostowoý (39) we Iwan Sergeýew (90+1) geçirdi. «Spartakdan» Keýta Balde (33) we Kwinsi Promes (85, pen.) geçirdi.
«Zenit» 26 tapgyrdan soň, 64 utuk toplap, ikinji ýerde barýan SSKA-dan arany ýetip bolmajak derejede açdy. Netijede, peterburgly klub yzygider bäşinji gezek Russiýanyň çempiony adyny aldy. Umumylykda klubda ýurduň birinjiliginde dokuz ýeňiş bar (2007, 2010, 2012, 2015, 2019, 2020, 2021, 2022, 2023). 1984-nji ýylda klub SSSR-iň çempionatynda ýeke-täk ýeňşini gazandy.
Çempionlyk babatda rekord eýesi «Spartakdyr» (10 ýeňiş). SSKA — 6 gezek, «Lokomotiw» — 3 gezek, «Rubin» — 2 gezek, «Alaniýa» — 1 gezek ýeňiş gazandy.


düýn 00:22
3.4k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 14:50
4.2k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.3k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.6k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....