UEFA Ýewropa çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň tertibini üýtgetdi

  • 22.05.2026 21:54
  • 4.4k+

UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Stambulda geçiren mejlisinde erkekleriň milli ýygyndylary üçin saýlama ýaryşlarynyň täze tertibini tassyklady. Üýtgetmeler 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyndan soň güýje girer.

Indi saýlama tapgyrynyň formaty iki derejä — 1-nji liga we 2-nji liga bölünip geçiriler.

1-nji liga Milletler ligasynyň netijelerine görä iň gowy 36 ýygyndy girer. Toparlar üç sebetden emele gelen 12 ýygyndydan ybarat üç topara bölüner. Her ýygyndy alty duşuşyk geçirer (her sebetden garşydaşlar bilen iki gezekden).

2-nji ligada 18 ýa-da 19 toparyň çykyş etmeegine garaşylýar. 1-nji liganyň toparlarynyň ýeňijileri gönümel Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Galan ýollanmalar bolsa “utulan-çykdy” oýunlarynda çekişiler, oňa 2-nji liganyň iň gowy toparlary hem gatnaşar.

Şeýle hem 2028/29-njy möwsümden başlap, Milletler ligasynyň hem tertibi üýtgeýär. Dört liganyň ýerine her haýsy 18 toparlyk üç diwizion dörediler. Ligalaryň içinde toparlar altylykdan ybarat üç topara bölüner. Her topar alty duşuşyk geçirer (öz sebedindäki toparlar bilen öýde we myhmançylykda, beýleki iki sebetdäki toparlar bilen bolsa bir gezekden). Gatnaşyjylaryň umumy sany 55 bolany üçin, iň aşaky ligada (Liga C) ýedi topardan ybarat bir topar bolar.

Täze düzgünnama laýyklykda, Ýewropa çempionatyny kabul edýän ýurt final tapgyryna awtomatiki görnüşde geçer, ýöne bäsdeşlik tejribesini saklamak we indiki Milletler ligasynda öz sebedini kesgitlemek üçin saýlama tapgyryna gatnaşmagyny dowam etdirer.

UEFA bu konsepsiýanyň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigini habar berdi. Düzgünnamanyň jemleýji görnüşini 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tassyklamak meýilleşdirilýär.


düýn 23:57
1.3k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......