Slowakiýanyň Prezidenti täze premýer-ministri belledi

  • 08.05.2023 16:09
  • 11k+

Lýudowit Odor Slowakiýanyň täze premýer-ministri wezipesine bellener. Bu barada ýekşenbe güni respublikanyň prezidenti Zuzana Çaputowa gyssagly brifingde habar berdi.

Ol: "Täze premýer-ministr hökmünde Slowakiýanyň Milli bankynyň başlygynyň (häzirki) orunbasary Lýudowit Odor bellener" - diýdi.

Ondan öň premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Eduard Heger işinden aýryljakdygyny mälim edipdi. Kanuna laýyklykda, onuň bilen birlikde ähli kabineti hem işinden aýrylýar.
Çaputowa ýene bir hepdeden syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenmedik işgärlerden ybarat hökümeti düzüp başlajakdygyny aýtdy. Prezident eýýäm täze ministrleriň sanawyny düzdi, ýöne häzirlikçe neşir etmekden saklanar. Ministrler kabineti resmi taýdan döredilýänçä, onuň wezipelerini Hegeriň hökümeti ýerine ýetirer.


şu gün 14:16
1.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

18.06.2026 18:14
894

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......