Werstappen Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 08.05.2023 14:28
  • 2.7k+

«Red Bull-yň» niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň bäşinji tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş ABŞ-nyň ýolunda geçirildi.

“Formula-1-iň” häzirki çempiony häzirki möwsümde üçünji ýaryşyny utdy. Werstappen ýaryşa dokuzynjy orundan başlady. Tapgyrda ikinji orny onuň topardaşy meksikaly Serhio Peres eýeledi (yza galyş 5,384 sekunt). Üçünji bolup pellehana “Aston Martinden” ispaniýaly Fernando Alonso geldi (+26,305).
Şeýle-de, ilkinji onluga şular girdi: 4. Jorj Rassel (“Mersedes”); 5. Karlos Saýns (“Ferrari”); 6. Lýuis Hemilton (“Mersedes”); 7. Şarl Lekler (“Ferrari”); 8. Pýer Gasli (“Alpin”); 9. Esteban Okon (“Alpin”); 10. Kewin Magnussen (“Haas”).
Maýaminiň Gran-prisi taryhda ikinji gezek geçirildi, Werstappen 2022-nji ýylda ýaryşyň ýeňijisi boldy. Häzirki Maýaminiň Gran-prisi möwsümde ähli sürüjilere pellehana gelmek başardan ilkinji tapgyr boldy.
Çempionatyň indiki tapgyry Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisi bolup, 19-21-nji maýda Italiýanyň Imola şäherinde Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda geçiriler.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....