Apple-iň girdejisi II maliýe çärýeginde 3% azaldy

  • 06.05.2023 19:45
  • 2.8k+

Apple kompaniýasy ikinji maliýe çärýeginde girdejisini 3% azaltdy, ýöne görkeziji hünärmenleriň çaklamasyndan ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, 1-nji aprelde tamamlanan çärýegiň jemi boýunça onuň girdejisi geçen maliýe ýylynyň degişli döwründäki 97,3 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 94,8 mlrd dollar boldy. Hünärmenler görkezijiniň 92,9 mlrd dollar bolmagyny çaklapdylar.
Geçen çärýek arassa girdeji bir ýyl ozalky 25 mlrd dollardan 24,2 mlrd dollara çenli azaldy. Kompaniýanyň iPhone satuwyndan alan çärýek girdejisi 1,5% ýokarlanyp, 51,33 mlrd dollara ýetdi. Mac kompýuterleriniň satuwyndan gazanylan girdeji 31%, 7,17 mlrd dollara çenli pese gaçdy, iPad satuwyndan alnan girdeji 6,67 mlrd dollar boldy, görkeziji ýyllyk hasabynda 13% peselip, bazar çaklamasy bilen gabat geldi.
Hyzmat girdejisi (App Store, Apple Music, Apple Pay we iCloud) 5,5% ýokarlanyp, 20,91 mlrd dollara ýetdi. Dakylýan gurluşlaryň we aksessuarlaryň satuwyndan alnan girdeji üýtgemedi diýen ýaly, ol 8,76 mlrd dollara barabar boldy.
Ikinji maliýe çärýeginde kompaniýanyň Hytaýdaky (Gonkongy we Taýwany goşmak bilen) satuwy 3%, 17,81 mlrd dollara çenli azaldy. Demirgazyk we Günorta Amerikada girdeji 7,6%, 37,78 mlrd dollara çenli azaldy, Ýewropada 2,8%, 23,95 mlrd dollara çenli, Ýaponiýada 15%, 8,12 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 27,6% ýokarlanyp, 2,65 trln dollara barabar boldy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....