Apple ulanyjylary öz gajetinden gorar

  • 06.05.2023 00:14
  • 10k+

Apple we Google kompaniýalary AirTag görnüşli trekerleriň kömegi bilen adamlary yzarlamaga garşy göreşde kömek etjek täze howpsuzlyk standartyny bilelikde işläp düzýändiklerini mälim etdiler. Bu barada Apple-iň resmi saýtynda habar berilýär diýip, Trend belleýär.

Täze howpsuzlyk standarty AirTag, Galaxy SmartTag ýaly gurluşlar üçin ulanylar. Bu başlangyjy goldaýan kompaniýalaryň arasynda Samsung, Tile, Chipolo, Eufy Security we Pebblebee bar. Standart 2023-nji ýylyň ahyryna çenli işlenip düzüler we iOS-a hem-de Andorid-e giriziler diýlip meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda iPhone smartfonlary golaýda başga AirTag-laryň bardygyny habar berýär, Android üçin bolsa Apple ulanyjylaryň töwereginde AirTag-yň bardygyny anyklaýan ýörite programmany çykardy.
Akylly trekerler ençeme gezek adamlary bikanun yzarlamak üçin ulanyldy. Internet torunda yzarlaýjylaryň trekerleri öz pidalarynyň sumkalarynda ýa-da ulaglarynda gizlän ýagdaýlarynyň bolandygy barada habarlar ýaýrady.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......