«Napoli» 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Italiýanyň çempiony boldy

  • 05.05.2023 07:29
  • 11k+

Italiýanyň futbol boýunça çempionatynyň 33-nji tapgyrynda «Napoli» myhmançylykda «Udineze» bilen duşuşykda 1:1 hasap bilen deňme-deň oýnady we möhletinden öň ýaryşyň çempiony boldy.

Duşuşykda gollary «Udinezeden» Sandi Lowriç (13-nji minut), «Napoliden» Wiktor Osimhen (53) geçirdi.
«Napoli» taryhynda üçünji gezek Italiýanyň çempiony boldy. Öň, neapollylar 1986/87 hem-de 1989/90-njy ýyllaryň möwsüminde argentinaly Diego Maradona klubda oýnaýan wagty çempion bolupdy.
«Napoliniň» baş tälimçisi 64 ýaşly Luçano Spalletti ilkinji gezek Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.


düýn 10:10
14k+

Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi...

04.03.2026 11:44
8.6k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

03.03.2026 15:21
6.3k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...

02.03.2026 18:53
12k+

FIFA-nyň prezidenti jedelli pursatlarda agzyny eli bilen ýapýan oýunçylary meýdançadan çykarmagy teklip etdi

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino meýdançadaky gapma-garşylykly pursatlarda agzyny elleri ýa-da köýnekçesi bilen ýapýan oýunçylara gyzyl duýduryş karty bermek arkaly jezalandyrmaga çagyrdy...