Forbes: Ronaldu ýylyň iň köp pul gazanan türgeni

  • 04.05.2023 11:26
  • 21k+

Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça «Al-Nasr» saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda iň köp aýlyk alýan türgen boldy.

Neşiriň resmi web sahypasynda çap edilen sanawa görä, 37 ýaşly Ronaldu soňky 12 aýda 123,9 million ýewro (136 million dollar) girdeji gazandy, şolardan 41,9 million ýewro (46 million ýewro) klublardan alan aýlygy (“Mançester Ýunaýted”, “Al-Nasr”) we ýene 81,9 million ýewro (90 million dollar) - dürli mahabat we hemaýatkärlik şertnamalaryndan gazanany.
Geçen ýylyň lideri, «PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi görkezilen döwürde 118,4 million ýewro (130 million dollar) gazandy, şolardan 68 million ýewro (75 million dollar) – alan aýlygy.
Ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleriniň sanawynda üçünji orunda «PSŽ-niň» hüjümçisi Kilian Mbappe bar. 24 ýaşly fransuz hüjümçisiniň girdejisi 109 million ýewro (120 million dollar) boldy.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....