Apple iOS 16 ulanyjylary üçin täze çäklendirmeler ulgamyny synagdan geçirýär

  • 02.05.2023 16:40
  • 10k+

Ýöriteleşdirilen 9to5Mac portalynyň habar bermegine görä, Apple enjamyň ýerleşýän ýerine baglylykda iOS 16-nyň ulanyjylary üçin täze çäklendirmeler ulgamyny synagdan geçirýär.

iPhone smartfonlary we iPad planşetleri häzirki wagtda tutuş dünýäde işleýär, ýöne iOS-yň kä ýurtlarda elýeter bolan käbir funksiýalary başga bir ýurtlarda, käbir ýerli düzgünler sebäpli, elýeterli bolmazlygy mümkin. Mysal üçin, BAE-de iPhone-nyň ulanyjylaryna ses we wideo söhbetdeşlikleri arkaly biri-biri bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän Apple-iň platformasy bolan FaceTime programmasyny ulanyp bilmersiňiz.
Häzirki wagtda “almaly” dörediji, käbir ýerlerde iOS-yň funksiýalaryny çäklendirmek üçin gaty kodlaşdyrmak usulyny ulanýar, şonuň üçin çäklendirmeleriň köpüsi iOS gurnalan enjamyň satuw sebitine baglydyr. Indi kompaniýa has öňe gitmek kararyna geldi we Apple-iň gajetiniň ulanylýan sebitini kesgitlemek üçin has akylly ulgam döredýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...