Tailandyň ýaşaýjysy ChatGPT-niň kömegi bilen lotereýada utdy

  • 01.05.2023 16:00
  • 15k+

Tailandly Pattawikorn Bunrin ChatGPT çat-botunyň kömegi bilen, lotereýada ýeňiji boldy. Emeli aň ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan sanlary utgaşdyrdy. Bunrin beýlebir kän pul utmady — bary-ýogy 2000 baht (takmynan 58 dollar).

Lotereýada utmak üçin Pattawikorn lotereýa barada çat-bota gipotetiki soraglary berdi we emeli aňa adamlaryň lotereýa utmak üçin ulanan öňki sanlaryny oňa aýtdy. Netijede, ChatGPT dört kombinasiýa döretdi - 57, 27, 29 we 99. Şolar hem utuşa düşdüler.
ChatGPT islendik lotereýada ýeňiş gazanmagyň iň möhüm faktorynyň şowlulykdygyny belledi. Çat-bot Bunrinden köp pul utuşyna hantama bolmazlygy haýyş etdi. Pattawikorn ahyr bir gün has uly utuş gazanmak üçin emeli aňy ulanmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.


13.06.2026 08:04
11k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

23.04.2026 22:41
3.9k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......

22.03.2026 00:00
8.2k+

Tailandda resminamalaryna görä 126 ýaşyndaky aýal tapyldy

Tailandyň Lamphun welaýatynda dünýäniň iň garry zenanlarynyň biri tapyldy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, Guýçe Çitsakunwat 1900-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä indi. Bu aýal Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý şäheriniň golaýyndaky Nambonoý obasynda ýaşaýar...