Bloomberg Binance-yň ýolbaşçysyny täze “maliýe titanlarynyň” üçlügine goşdy

  • 29.04.2023 00:00
  • 8.9k+

Binance-yň ýolbaşçysy Çanpen Çžao Bloomberg tarapyndan maliýe pudagyndaky iň baý adamlaryň sanawyna girizildi. Agentligiň maglumatlaryna görä, Çžaonyň baýlygy 28,2 mlrd dollara barabar. Bu barada rbc.ru habar berýär.

2023-nji ýylyň 23-nji martyna çenli maglumatlara görä, Çžao soňky on ýylda baý adamlaryň sanawynda ýokary çykan 25 sany täze “maliýe titanlarynyň” sanawynda üçünji orny eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde, sanawa 2013-nji ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň, iň bolmanda, 300-lügine girenler ýa-da öz baýlygynyň ep-esli bölegini miras alanlar, şeýle-de biznesi dolandyrmagy bes edenler we 70 ýaşdan uly adamlar girmedi.
Žurnalistler Çžaonyň baýlygyny 28,2 mlrd dollar bilen bahalandyrdylar. Bu baýlygyň esasy bölegini ol Binance biržasy arkaly gazandy.
Çžaonyň özi getirilen sanlary Twitter sahypasynda “şonça pulunyň ýokdugyny” ýazmak bilen inkär etdi.
Bir ýyl mundan ozal “Forbes” žurnaly CZ-niň baýlygyny 65 mlrd dollar diýip hasaplady. Ýöne 2022-nji ýylda “kriptogyş”, kazyýet işleri, bankrotlyk we aktiwleriň bahasynyň pese gaçmagy pudaga uly zyýan ýetirdi we 2023-nji ýylyň 10-njy martyna çenli ýagdaýa görä, Çžaonyň kapitaly neşir tarapyndan 10,5 mlrd dollar bilen bahalandyryldy.

düýn 18:06
1.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

30.05.2026 08:05
3k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....

29.05.2026 23:10
1.7k+

Lego Land Rover Defender wnedorožniginden we Jaguar Project 7 rodsterinden ybarat täze toplum çykarýar

Lego Speed Champions seriýasynyň hataryna 740 bölekden ybarat bolan täze toplum goşuldy. Bu toplum birbada Britaniýanyň meşhur awtomobilleriniň ikisini: Land Rover Defender wnedorožnigini we Jaguar Project 7......

29.05.2026 16:32
1.3k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......