Peläniň ady Braziliýanyň sözlügine "iň gowy" sözüniň sinonimi hökmünde girizildi

  • 28.04.2023 23:52
  • 13k+

Futbol boýunça üç gezek dünýä çempiony Peläniň (Edson Arantis du Nasimentu) ady "iň gowy, aýratyn, deňsiz-taýsyz, özboluşly" manysynda Braziliýada neşir edilýän Michaelis portugal diliniň sözlügine girizildi diýip, AP agentligi habar berýär. Muny sportrbc.ru ýetirýär.

"Pele" sypatynyň kesgitlemesi makalada şeýle berilýär: "Öňdebaryjy ýa-da öz häsiýetleri, gymmatlyklary ýa-da artykmaçlyklary bilen hiç zat we ähli  döwürleriň iň gowy türgeni bolan Peleden başga hiç kim bilen deňeşdirilip bilinmeýän adam; aýratyn, deňsiz-taýsyz, ýeke-täk. Meselem: ol basketbolda Pele, ol tennisde Pele, ol Braziliýanyň teatrynda Pele, ol lukmançylykda Pele".

"Biz bilelikde taryha girdik we futbol şasynyň adyny portugal diline geçirdik. Pele "iň gowy" diýmegi aňladýar" - diýlip, Peläniň Instagram sahypasynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar.

Pele 29-njy dekabrda 82 ýaşynda aradan çykdy, soňky iki ýyl ol içegäniň rak keseli bilen göreşdi.

Peläniň hasabynda üç dünýä çempiony tituly (1958, 1962, 1970), Braziliýanyň milli ýygyndysy üçin 92 oýun we 77 gol bar. Argentinaly Diego Maradona bilen bilelikde Pele FIFA tarapyndan XX asyryň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.


19.06.2026 19:56
6.7k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....