Tewesiň pokeri we ÝUNISEF üçin 7 mln funt: “Old Traffordda” haýyr-sahawat oýny geçirildi

  • 17.06.2025 14:25
  • 6.4k+

“Mançester Ýunaýtediň” öý stadionynda her ýyl geçirilýän haýyr-sahawat oýny Soccer Aid geçdi. Oýunda Angliýanyň topary bilen öňki futbol ýyldyzlaryny, tälimçileri we beýleki media şahsyýetlerini jemlän dünýä topary duşuşdy.

Dünýä topary üçin Edwin wan der Sar, Nemanýa Widiç, Riwaldo, Dawid Trezege, Karlos Tewes, Leonardo Bonuççi, Robbi Kin, öňki boksçy Toni Belýu, aýdymçy Nikki Birn we beýlekiler oýnady. Angliýanyň toparynyň düzümine Jo Hart, Gari Newill, Jermeýn Defo, Aaron Lennon, Ueýn Runi, Pol Skoulz, “The Last of Us” serialyndan aktrisa Bella Ramzi we beýlekiler girdi.
Dünýä toparynyň tälimçiler ştabyna Peter Şmeýhel goşuldy. Iňlis toparyny bolsa oýna Taýson Fýuri, Harri Rednapp we Dewid Jeýms taýýarlady.
Oýun dünýä toparynyň 5:4 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Karlos Tewes dört gol geçirdi. Daily Mail neşiriniň habar bermegine görä, “Mançester Ýunaýtediň” janköýerleri toparyň düzüminde Tewesiň familiýasy tutulanda we onuň her bir golundan soň sygyryp, nägilelik bildirdi. Çünki, 2009-njy ýylda argentinaly futbolçy “MÝ-den” “Mançester Sitä” geçipdi.
Guramaçylara 7 mln funt sterlingden gowrak serişde ýygnamak başartdy. Ähli serişdeler ÝUNISEF arkaly dünýädäki çagalara kömek üçin gönükdiriler.


düýn 16:29
2.9k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.2k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

01.06.2026 14:36
3.2k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....