Nokia häzirki zaman Nokia 105 4G düwmeli telefonyny çykardy

  • 27.04.2023 11:22
  • 30k+

Finlýandiýanyň Nokia markaly gurluşlary öndürýän we satýan HMD Global kompaniýasy häzirki zaman düwmeli telefonyny çykardy. Bahasy bary-ýogy 29 dollar bolan Nokia 105 4G simsiz nauşnikler üçin goldaw aldy diýip, Gizmochina habar berýär.

Model 1450 mA/s kuwwatly akkumulýator, Bluetooth 5.0 aldy, Migu music we Himalaya funksiýalaryny goldaýar. Ýadyň göwrümi 32 GB. Gajet 1.8 dýuýmlyk TFT ekrany we Unisoc T107 çipi bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze önüm dördünji nesliň torlaryny goldaýar.
Döwrebap täzeliklerden — Nokia 105 4G AliPay töleg ulgamyny hem goldaýar. Şeýle-de bolsa, ilkinji Nokia modelleriniň döwründen bäri üýtgemedik bir zat bar - smartfon MicroUSB çykyşy bolan simden zarýad alar. Smartfonda “Ýylanjyk” oýny gurnalan, elçyrasy, FM radio-sy we mikro SD ýat kartalary üçin goldaw bar. Telefonyň gara ýa-da pöwrize öwüşginlisini satyn alyp bilersiňiz.


19.07.2025 07:03
7.1k+

Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär

Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär. Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy...

15.04.2025 12:54
4.6k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

13.03.2025 09:27
3.5k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

22.01.2025 17:51
6.1k+

Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär. Nokia Design Archive...