Apple emeli aňyň kömegi bilen ulanyjylaryna sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöretmäge kömek eder

  • 27.04.2023 11:04
  • 5.5k+

Apple adamlara sagdyn durmuş ýörelgelerini öwretmek üçin emeli aň esasly hyzmatyň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg kompaniýadaky çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, tälim beriş hyzmaty Quartz diýip atlandyrylýar. Bu maksatnama adamlary sport bilen meşgullanmaga, dogry iýmitlenmäge we ukyny oňat hilli almaga itergi berer. Quartz, Apple Watch-iň ýygnaýan saglyk maglumatlaryna esaslanyp, her bir ulanyjy üçin tekliplerini şahsylaşdyrar.
Bloomberg Kwarsyň Apple-iň başga bir taslamasyna meňzeýändigini ýazýar. 2020-nji ýylda Amerikanyň bir korporasiýasy Singapuryň hökümeti bilen bilelikde ýurtda LumiHealth hyzmatyny ýola goýupdy, bu hem adamlary sagdyn durmuş ýörelgesine ugrukdyrypdy. LumiHealth-iň ähli teklipleri ýerine ýetiren ulanyjylary pul baýraklaryny aldylar.
LumiHealth-den tapawutlylykda, žurnalistleriň pikiriçe, pul meselesinde Quartz başgaça işlär. Tersine, ulanyjylar hyzmatyň aýratynlyklaryna girmek üçin Apple-e her aý tölemeli bolarlar.
Quartz-y satuwa 2024-nji ýylda goýbermek meýilleşdirilýär. Apple-iň saglygy goraýyş hyzmatlaryna, Siri ulgamyna, emeli aň funksiýalaryna we başgalara jogapkär birnäçe bölümi ony döretmegiň üstünde işleýär.


09.06.2026 23:04
2.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....