Şakira Billboard neşiriniň wersiýasy boýunça ýylyň latyn amerikan zenany diýen ada eýe boldy

  • 27.04.2023 11:00
  • 14k+

Billboard aýdym-saz neşiri aýdymçy Şakirany ýylyň zenany diýip yglan etdi. Ol sahna pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin hormatly ada mynasyp boldy.

Amerikanyň aýdym-saza we şou-biznese bagyşlanan Billboard žurnalynyň wekilleri 7-nji maýda täze Latin Women in Music çäresiniň ilkinji dabarasynda Kolumbiýanyň meşhur aýdymçysyna baýrak gowşurar.

Billboard öz baş kontent-menejeri Leýla Kobonyň sözlerini getirip şeýle ýazýar: "Şakira Woman in Music-de iň oňat zenan. Ol bütin dünýäniň latynamerikan aýal-gyzlaryna çuňňur şahsy aýdym-sazlary ýazmagyň we ýerine ýetirmegiň mysalyny görkezdi" - diýdi. Kolumbiýanyň demirgazygynda doglan Şakira goşgyny we aýdymy ir ýazyp başlady we 13 ýaşynda ilkinji albomyny çykardy.

Häzirki wagtda 46 ýaşly ýyldyz köp sanly professional aýdym-saz baýraklarynyň eýesidir. Albomlary bolsa dünýäde takmynan 100 million nusga satyldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....