Honda 2024-nji ýylda ABŞ-da iki elektromobil modelini hödürlär

  • 27.04.2023 13:42
  • 13k+

2040-njy ýyla çenli diňe elektromobilleri we ýangyç elementlerinde işleýän awtomobilleri çykarmagy maksat edinýän Ýaponiýanyň Honda Motor Co. korporasiýasy 2024-nji ýylda amerikan bazarynda iki elektromobil modeliniň – General Motors Co. bilen bilelikde çykarylýan Honda Prologue we Acura ZDX modelleriniň peýda boljakdygyny habar berdi. 2025-nji ýylda sebitde Honda-nyň hususy platformasyna esaslanýan elektromobil peýda bolar diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

Ýaponiýada kompaniýa 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda N-VAN elektrominiwenini satyp başlar, 2025-nji ýylda bolsa N-ONE elektromobillerini satuwa çykarar. 2026-njy ýylda Honda ýapon bazaryna ýene iki elektromobil modelini çykarmagy meýilleşdirýär.
Hytaýda awtoöndüriji 2027-nji ýyla çenli 10 sany täze elektromobil modelini hödürlemegi maksat edinýär. Honda HHR-de 2035-nji ýyldan başlap, diňe elektromobilleri we ýangyç elementlerinde işleýän awtoulaglary satmak isleýär.
Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli ýylda 2 milliondan gowrak elektromobil öndürmegi maksat edinýär.
Awtoöndüriji programma üpjünçiligini işläp düzmek ugrundan işgärleri işe almak meýilnamasyny iki esse artdyrmagy we mobillik ugrundan gözleglere ýylda 100 mlrd ýena ($750 mln) bölüp bermegi meýilleşdirýär.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....