Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň düzümine täze agzalar kabul edildi

  • 27.04.2023 10:07
  • 8.4k+

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda, onuň düzümine täze agzalar kabul edildi. Degişli çözgüt 26-njy aprelde Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisinde kabul edildi.

Mejlisiň barşynda assosiasiýanyň täze daşary ýurtly agzalary sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.
«Manas» gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory doktor Alpaslan Jeýlan (Türkiýe Respublikasy) öz çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi baradaky hoş habary uly buýsanç bilen kabul edendigini nygtady.
Alpaslan Jeýlan Türkiýäniň milli at üstündäki oýunlar federasiýasyna ýolbaşçylyk eden döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere ençeme gezek gatnaşandygyny aýtdy. Häzirki wagtda ol ýokarda ady agzalan uniwersitetiň rektory bolmak bilen, bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan dürli ýurtlardan gelen talyplar bilen bilelikde, türki halklaryň milli at üstündäki oýunlarynyň dünýä ylmynda we edebiýatynda mynasyp orun almagy üçin, bu oýunlara mahsus däpleri gorap saklamak we öwrenmek boýunça iş alyp barýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş sekretary Ýue Gaofeng ahalteke bedewleriniň özüniň gözelligi bilen hemişe dünýäni haýran galdyrandygyny nygtady. Ýue Gaofeng Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşýandygyny belläp, hytaýly atşynaslaryň ahalteke bedewleriniň tohumyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtady. Eýýäm köp ýyllaryň dowamynda Hytaýda degişli düşündiriş-wagyz işleri alnyp barylýar.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......