Neýroulgam geljekde has isleg bildirilýän 10 hünäri aýtdy

  • 26.04.2023 23:52
  • 15k+

ChatGPT neýroulgamy geljekde has islegli bolan on hünäri kesgitledi. Tejribäniň netijeleri NN Telegram kanaly tarapyndan neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Şeýlelikde, birinji orny emeli intellekt boýunça inžener-programmistiň hünäri eýeledi. Bu iş algoritmleri, maşyn biliminiň ulgamyny we emeli intellekti işläp düzmegi, modelleri taýýarlamagy we optimizasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Robototehnika hünäri ikinji orny eýeledi. Robototehnika robotlary işläp düzmek we taslamalaşdyrmak, olary önümçilik proseslerine girizmek, olaryň diagnostika we abatlaýyş işlerini geçirmek bilen meşgullanýar.
Üçlügi kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmeniň hünäri jemledi. Bu ugurdan hünärmen kompýuter ulgamlaryny we torlaryny goramaly, töwekgelçilikleriň we gowşak taraplaryň seljermesini geçirmeli, şeýle-de howpsuzlygy güýçlendirmek boýunça çäreleri işläp düzmeli bolýar.
Öňdebaryjy hünärleriň sanawynda şular hem bar: biotehnolog, wirtual we üsti ýetirilen hakykaty işläp düzüji, blokçeýn-inžener, energetika durnuklylygy inženeri, gen terapiýasy we gen redaktirlemesi boýunça hünärmen, maglumat analitigi, IoT (Zatlaryň interneti) boýunça inžener-programmist.


düýn 18:51
3.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....