Gyrgyzystanda ilkinji awtomobil zawody 2023-nji ýylyň tomsunda işe giriziler

  • 26.04.2023 22:26
  • 24k+

Gyrgyzystan üçin ilkinji awtoulag gurnama kärhanasy 2023-nji ýylyň tomsunyň ortalarynda işe başlar. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli habarlar agentligi “Kabar” habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Prezident Sadyr Žaparow “Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabineti bilen Özbegistan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda awtomobil we täjirçilik tehnikasynyň önümçiligini guramak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy tassyklamak barada” kanuna gol çekdi.
Çuý sebitinde awtoulag zawodynyň gurluşygy dört aýa çeker. Özbegistandan hünärmenleriň ýardam bermeginde kärhanada 19 sany awtomobil modeli öndürilip başlanar, olaryň ilkinjisi Chevrolet Cobalt sedany bolar. Tehnologiki hyzmatdaş hökmünde Özbegistandaky UzAuto Motors zawodlarynda Chevrolet markaly ulaglary çykarýan “Uzawtosanoat” awtokompaniýasy çykyş edýär.
2023-nji ýylyň ahyryna çenli birnäçe ýüz sany awtomobil çykarmak meýilleşdirilýär. Işe girizilenden soň üç ýylyň dowamynda 10 müň awtomobil çykarmak göz öňünde tutulýar, şondan soň önümçilik iki esse artdyrylar. Kärhana doly önümçilik kuwwatyna çykandan soň, konweýerden 30 müň awtomobil çykarylar.


27.12.2023 12:02
18k+

Özbegistan bilen Gyrgyzystan «Altyn Tulpar» zawodynda bilelikde awtomobil öndürer

Özbegistan we Gyrgyzystan 2024-nji ýyldan başlap 12 awtomobil modeliniň bilelikdäki önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew...

şu gün 18:36
1.9k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 14:05
3.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......