iPhone üçin Marvel Move fitnes goşundysy anons edildi

  • 26.04.2023 22:23
  • 4.8k+

Ulanyjylara Marvel komiksleriniň super gahrymanlary bilen bilelikde sport ylgawyny hödürleýän Marvel Move fitnes programmasy anons edildi. Bu barada Hi-Tech Mail.Ru portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Programmada türgenleşiklere ses berjek we öz türgenleşikleri barada wakalary gürrüň berjek super gahrymanlaryň ýazgylary jemlener. Super gahrymanlara ses bermäge Marvel filmlerinde oýnan aktýorlaryň çekilendigi habar berilýär. Mysal üçin, Tora Kris Hemswort, Halka bolsa Mark Ruffalo ses berdi.
Programma Zombies, Run! fitnes programmasynyň awtory Six to Start kompaniýasy tarapyndan döredildi. Marvel Move-de ulanyjylar dürli çylşyrymlylyk derejelerini we sýužet liniýalaryny saýlap bilerler.
Marvel Move 2023-nji ýylyň tomsunda çykar we mugt serwis bolar, ýöne ähli funksiýalara diňe tölegli abunaçylar elýeterli bolup biler. Hyzmatyň bahasy ýylda 75 dollar bolar. Programma Android-de we iOS-da işlär.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...