Ýaponiýanyň Hakuto-R modulynyň Aýa gonmak synanyşygy şowsuz diýlip yglan edildi

  • 26.04.2023 10:35
  • 13k+

Ýaponiýanyň «Hakuto-R» moduly bilen aragatnaşyk Aýa gonuş pursadynda ýitdi, şonuň üçin bu maksatnamanyň şowsuz hasaplanmagynyň ähtimallygy ýokary. Bu barada sişenbe güni Ispace işläp taýýarlaýjy-kompaniýanyň başlygy Takesi Hakamada habar berdi.

"Häzirki wagtda enjamlar bilen aragatnaşygy ýola goýup bilemzok. Gonuş pursadyna çenli aragatnaşygymyz bardy, ýöne soň ony ýitirdik. Üstünlikli gonup bilmändigimizi boýun almalydyrys" – diýip, ol kompaniýanyň YouTube kanalynda ýaýlyma berlen çykyşynda aýtdy.

Hakamada 26-njy aprelde kompaniýanyň bu meselede bildiriş berjekdigini aýtdy.
Hakuto-R Ýaponiýanyň Tokioda ýerleşýän Ispace kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Enjamyň beýikligi 2,3 m, 2022-nji ýylyň dekabrynda Amerikanyň SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 kysymly raketa-göterijisi bilen Aýa uçurylypdy.
Ol ýere Birleşen Arap Emirlikleriniň dört tigirli “Raşid” Aý ulagyny, Ýaponiýanyň aerokosmos gözleg guramasynyň, oýunjak öndürijisi Tomy-niň we Sony korporasiýasynyň bilelikde işläp düzen iki tigirli ultra ykjam Aý rowerini şeýle hem-de eksperimental berk batareýany eltmelidi.
Üstünlikli bolan ýagdaýynda, Hakuto-R missiýasy dünýäde ilkinji bolup Aýa gonan hususy kosmos gämisi bolar. Şeýle hem, Ýaponiýa modulyny Ýeriň tebigy hemrasyna gonduran dünýäde dördünji ýurt bolmaga mümkinçilik berer. Ozal Sowet Soýuzy, ABŞ we Hytaý muny amala aşyrmagy başarypdylar.


04.05.2026 12:04
4.1k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....

01.05.2026 16:09
2k+

GPT-5.2 Tokio we Kioto uniwersitetleriniň giriş synaglaryny adamlardan has gowy tabşyrdy

GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi....

16.04.2026 14:14
4.4k+

Gün energiýasy bilen işleýän dirižabl stratosferada 12 günlük uçuşyny tamamlady

Sceye kompaniýasynyň SE2 stratosfera dirižably 12 günde 10 300 kilometr ýol geçip, tehnologiýanyň uzak möhletli gözegçilik we telekommunikasiý üçin taýýardygyny subut etdi....

09.04.2026 09:31
4.1k+

Ýapon fizikleri hiç haçan solmaýan suratlary çap etmegi öwrendiler

Ýaponiýaly alymlaryň topary kremniý nanosferaly ýörite boýaglary ulanyp, gurluşly reňkler bilen çap etmek usulyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa Advanced Materials žurnalynda beýan edildi....