Hindistanly adam “Titanigiň” şekilinde hususy öýüni gurdy

  • 25.04.2023 11:18
  • 35k+

Hindistanyň ýaşaýjysy “Titanik” gämisiniň şekilinde hususy öýüni gurdy. Mintu Roýuň aýtmagyna görä, ol çagalykdan “Titanige” meňzeş öýde ýaşamagy arzuw edipdi. Ulalandan soň ol ýolagçy laýnerini ýada salýan ýaşaýyş jaýyny gurmak kararyna geldi. Ýöne gurluşyk işi örän kyn boldy: inženerleriň köpüsi müşderiniň meýilnamasy bilen işlemek islemeýärdi ýa-da köp pul soraýardy, şonuň üçin Mintu Roý işi öz eline aldy diýip, gazeta.ru belleýär.

Mintu daş örümini öwrenmek üçin Nepala gitdi, soňra gurluşyga başlady. Eýýäm 13 ýyl bäri ol taslamasyny tamamlamaga çalyşýar, ýöne oňa pul ýetmezçilik edýär. Muňa garamazdan, Roý günlerde bir gün bu öýe maşgalasy bilen göçüp geljekdigine ynanýar.

“Biz gurluşyga näçe mukdaryň sarp edilendigini hasaplamadyk. Meniň pikirimçe, 180 müň dollardan az däldir” – diýip, hindistanly adam belleýär.

“Titanigiň” muşdagy ýakyn ýyllarda öýüň gurluşygyny tamamlamagy we goşmaça girdeji çeşmesi hökmünde ýokarky gatda kiçiräk restoran ýa-da çaýhana açmagy umyt edýär.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....