Taryhda ilkinji gezek «Mançester Siti» bilen «Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Kubogynyň finalynda oýnar

  • 24.04.2023 17:09
  • 21k+

Futbol boýunça Angliýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda «Mançester Ýunaýted» oýundan soňky 11 metrlik urgular boýunça «Braýtondan» üstün çykdy. Duşuşyk 23-nji aprelde Londonda «Uembli» stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 0:0 hasap bilen tamamlandy, oýundan soňky 11 metrlik urgularda «Mançester Ýunaýted» 7:6 ýeňiş gazandy.
Angliýanyň Kubogy ugrundaky ýaryş 1871-nji ýyldan bäri geçirilýär, emma şu gezek ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek Mançester derbisi geçiriler. Ýaryşyň finalynda «Mançester Siti» bilen «Mançester Ýunaýted» duşuşar. «ManÝunaýted» 20 gezek Angliýanyň Kubogynyň finalyna çykyp, 12 gezek ýaryş gazandy. «ManSiti» 11 gezek finala çykyp, 6 gezek ýeňiş gazandy.
Kubogy almakda rekord «Arsenala» degişli — 14 gezek.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......